Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýeti gatnaşdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. “SusHi Tech Tokyo 2026” innowasion forumyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan kompaniýalar, startaplar we tehnologiýa hünärmenleri gatnaşdylar.

Forumuň esasy maksady — täze tehnologiýalary, innowasiýalary we sanly çözgütleri görkezmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy.Forumyň dowamynda emeli aň (AI), 5G/6G aragatnaşyk ulgamlary, akylly şäherler (smart city), ýaşyl energiýa we sanly ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlar boýunça çykyşlar we sergiler geçirildi.

Gatnaşyjylar täze önümler bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar. “SusHi Tech Tokyo 2026” forumynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti tehnologiýa we sanly ösüş ugurlarynda öňdebaryjy birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny we gepleşikleri geçirdi.

Duşuşyklarda sanly infrastruktura we telekommunikasiýa hyzmatdaşlygy ýola goýmak, emeli aň (AI) we sanly hyzmatlar, “Akylly şäher” çözgütleri (Smart City) — şäher dolandyryşy, Startap ekosistemasy — halkara startap platformalary we tehnologiýa merkezleri bilen ýaş startaplary ösdürmegiň hem-de gelejekde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi Ýaponiýanyň Ykdysady ösüş strategiýasy we durmuş taýdan üpjünçilik özgertmeleri boýunça ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy
Iň ýokary tizlikli interneti ulanmaga berer
Dargaýan plastmassa öndürildi
Rekord bahadan satyldy