Dargaýan plastmassa öndürildi

Dargaýan plastmassa öndürildi

Nebitden alynýan plastik materiallar, esasan hem, deňiz suwuna garyşanda, uzak ýyllap dargamaýar. Bu ýagdaý deňiz jandarlaryna zyýan ýetirýär. Ýapon alymlary aňsatlyk bilen dargaýan plastik oýlap tapdylar. Suwda ereýän we mikroplastige öwrülmeýän bu material topraga garyşanda, döküne öwrülýär. Daşky gurşaw bilen bagly çözgütleri hödürleýän

RIKEN Emergent Matter Science Center ylmy merkeziniň hem-de Tokio uniwersitetiniň bilermenleriniň işläp taýýarlan plastik maddasy adaty plastmassalar ýaly berk bolup, darganynda hiç hili zyýanly madda öwrülmeýär. Bu açyş barada Science žurnalynda makala çap edildi.

Ogulbagt Şyhyýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Alymlar pilleriň nämeden gorkýandygyny anykladylar
Ortaýer deňziniň düýbünde ýaşy 7 müň ýyl bolan ýol tapyldy
BAE-de 50 gradus yssa çydamly balarylary döretdiler
2024-nji ýyl taryhda iň yssy bolup biler