Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine sapary başlandy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine sapary başlandy

2022-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine saparda bolýar.

Saparyň çäklerinde 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli saparlaryň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti barada aýratyn bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler maýa goýumlary we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Katar Döwletiniň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda energetika pudagynda özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maýa goýum taslamalary boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Katar Ösüş Bankynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar maliýe we bank ulgamlarynda aragatnaşyklarynyň ilerledilmegi bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti zawod partlamasy sebäpli Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
Energetika we tebigy serişdeler ministri Katarda saparda bolýar
Müsür we Katar ŞHG-niň gepleşikler boýunça hyzmatdaşy boldular
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi
Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär
Türkmen wekiliýeti Katarda saparda boldy