Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Dialog parahatçylygyň kepili atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym, medeniýet, taryhy-binagärlik ýadygärlikleri we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna seredip geçdiler.

ÝUNESKO-nyň wekili Almatydaky edaranyň bilim, ylym we medeniýet pudagynda täze taslamalary durmuşa geçirmekde goldaw bermäge dowam etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler
Eýran premýer-ministrler derejesinde Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny geçirmekçi
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar
Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar