TürkmenistanÝUNESKO: sport ulgamynda hyzmatdaşlyk

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şygary bilen geçýän şu ýyl uly üstünliklere beslenýär.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz 20232027-nji ýyllar üçin BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy.

Bu düzüm bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň ХХI asyryň möhüm meselelerini çözmek ugrunda medeni diplomatiýa arkaly durmuşa geçirýän çäreleri ýurdumyzyň ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary bilen doly utgaşýar.

Bedenterbiýäni we sporty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistan bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy babatda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijesinde türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykdy.

Häzirki wagta çenli Türkmenistan daşary ýurtlar bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dürli hökümetara we pudagara derejedäki ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekişdi. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, ÝUNESKO-nyň sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Milli antidoping agentligini döretdi.

Uly sport baýramçylygynyň Kuraş boýunça Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar Bitarap Watanymyzyň sport diplomatiýasynyň rowaçlyga beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda hem şeýle hormata mynasyp görlüp, 20172021-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Degişli döwürde ýurdumyzda Aşgabat Aziadasy, Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty, AmulHazar 2018 halkara awtorallisi geçirildi.

Häzirki wagtda Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär, ýakyn ýyllarda Sambo boýunça Dünýä çempionaty kabul ediler. Türgenlerimiz bolsa

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşar.

Türkmenistanyň 20232027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň Ýer ýüzünde giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Aýlar Nurçiýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi
Kuraş 2023: WEPA AWLÝAKULYÝEW DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: SABINA KADYROWA 16 ÝAŞDA DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: Jahan Muhammedowa kümüş medala mynasyp boldy