Türkmenleriň çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy barada söhbet

Türkmenleriň çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy barada söhbet

Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sany ýaňy-ýakynda Türkiýede professor’ ylmy adyny alan asly türkmensähraly sungat taryhyny öwreniş ylymlarynyň doktory Abdyrahman Düýeji bilen türkmenleriň ýaşaýyş medeniýeti barada geçirilen söhbetdeşligiň ikinji bölümini diňleýjileriň dykgatyna ýetirýär.

Biz geçen gepleşigimiziň başynda türkmen alymynyň ylym basgançaklarynda öz geçen ýoly, onuň üstünligiň açary barada ýaş alymlara berýän maslahatlary barada gürrüň etdik.

Gepleşigiň galan bölegi onuň dürli döwürlerde çap eden käbir makalalary, hususan-da türkmen halk döredijiliginde Dädem Gorkut, türkmenleriň ýaşaýyş giňişliginde çadyrlar, gara we ak öýler ýaly mowzuklar barada boldy.

Şol söhbetdeşlik galan ýerinden dowam edýär. Bu gepleşikde türkmenleriň köne döwürlerdäki çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy ýaly mowzuklarda gürrüň gozgalýar.

Gepleşigi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

Dünýä Türkmenleri: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär (2-nji bölüm)
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň dabarasy dag aşdy
Eýranyň 'türkmen şäherine' etniki türkmen häkim bellendi, ýöne 'demografik inženerçilik' dowam edýär
Abdyrahman Düýeji: Türkmensähra asyrlarboýy türkmenleriň mekan tutan taryhy mesgeni boldy
DT: Türkmenleriň çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy barada söhbet
Türkmensähra bilen arada serhet çekip, türkmen ilatyny 'emeli diwar bilen böldüler'