Türkmenmermer kärhanasy: tebigy daşdan döwrebap örtgi materiallary

Türkmenmermer kärhanasy: tebigy daşdan döwrebap örtgi materiallary

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümine girýän Türkmenmermer ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tebigy daşdan örtgi materiallaryny öndürmekde öňdebaryjy kärhanadyr.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän kärhana 2006-njy ýylda açylyp ulanmaga berildi. Zawodyň taslama kuwwaty ýylda 205 müň inedördül metr örtük önümlerine deňdir.

Önümçilik üçin çig mal hökmünde Magdanlydaky Tagara käniniň önümleri peýdalanylýar. Mermer we granit daş bölekleri seresaplylyk bilen gaýtadan işlenilýär hem-de gurluşyk pudagynda isleg bildirilýän dürli örtgi materiallaryna öwrülýär.

Türkmenmermeriň öndürýän önümleriniň hatarynda aşakdakylar bardyr:

• dürli galyňlykdaky bezeg kaminleri; • binagärlik önümleri; • sütünler üçin örtgi plitalary; • germewler; • öý kaminleri; • basgançaklaryň gurluşlary; • stollaryň daşdan üstki ýüzi; • basgançaklar; • plitkalar; • mozaika; • bag üçin heýkeller we fontanlar; • bezeg üçin mümkin bolan ähli önümler.

Türkmenmermer zawody Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň möhüm düzüm bölegidir. Bu ýerde tebigy daşdan iň ýokary hil we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýän örtgi materiallarynyň köp sanly görnüşleri öndürilýär.

Türkmenmermer innowasion esasda önümçiligi giňeltmäge we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, importyň ornuny tutýan kärhana. Kärhananyň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri bar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

Türkmenmermer ÝGPJ döwrebap örtgi materiallaryny hödürleýär
Gökdepe etrabyndaky mermer we granit işlenilýän zawodda 263,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Owadandepe - Ahal welaýatynyň senagat merkezi
14.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
29.06.2018 | MILLI LIDERIMIZIŇ BELENT MAKSADY