“Türkmennebit” bilen “Dragon Oil” seýsmiki işleri geçirmek boýunça ylalaşyk baglaşdy

“Türkmennebit” bilen “Dragon Oil” seýsmiki işleri geçirmek boýunça ylalaşyk baglaşdy

“Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dubaý emirliginiň hökümetiniň doly eýeçiligindäki “Dragon Oil” nebit we gaz gözleg, özleşdiriş we önümçilik kompaniýasy penşenbe güni Hazar deňziniň türkmen böleginiň 19-njy toplumynda 3D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdi.

Bu resminama gol çekmek dabarasy çarşenbe güni Aşgabatda öz işine başlan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatynyň çäginde geçirildi. Bu barada Orient.tm habar berdi.

Ylalaşyga “Dragon Oil” kompaniýasy tarapyndan onuň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan gol çekdi.

“Dragon Oil” 1999-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen önümleri bölüşmek baradaky baglaşylan şertnamanyň esasynda “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde iş alyp barýar.

Iýul aýynda, “Dragon Oil” kompaniýasy “Türkmennebit” döwlet konserni bilen önümi paýlaşmak boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy. Bu şertnama görä, degişli taraplaryň önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygynyň möhleti 2035-nji ýyla çenli uzaldyldy. Şertnamanyň möhletini uzaltmak döwründe “Dragon Oil”-iň maýa goýumlarynyň ýene 7-8 milliard ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy
Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy
В Ашхабаде пройдет международный форум в OGT-2023
Schlumberger — Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
OGT-2024-e 51 ýurtdan 830-dan gowrak wekil gatnaşýar
“Türkmen Gala” kompaniýasy amerikan “Emerson” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy