Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda uly islege eýe boldy

Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda uly islege eýe boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar we yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, tehniki uglerody satyn aldylar.

Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany, jins matasyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 77 million 668 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin nebit bitumyny (Türkmennebit döwlet konserni), el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 634 müň manatdan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy