TÜRKSOÝ Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere badalga berdi

TÜRKSOÝ Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere badalga berdi

20-nji fewralda Ankara şäherinde ýerleşýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen bagly çäreleriň, şeýle hem beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan diwarlygyň açylyş dabarasy geçirildi.

TÜRKSOÝ-yň binasynyň öňünde geçirilen dabara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we žurnalistler gatnaşdylar.

Şeýlelikde, bu çäre medeni-ynsanperwer nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara jemgiýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKSOÝ Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere badalga berdi
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal