Italiýanyň Turin şäheriniň häkimligi Ýewrowideniýe-2022 aýdym-saz bäsleşigini öz şäherlerinde geçirmegi teklip etdi. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.
Häzirki wagtda aýdym-saz bäsleşiginiň we Italiýanyň häkimiýetleriniň wekilleri bu çäräni geçirmek üçin iň amatly ýeri saýlamagyň üstünde işleýärler.
Italiýanyň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, ýaryşyň finalynyň öňüsyrasynda “Rai” döwlet telewideniýesiniň ýolbaşçylary "Ýewrowideniýäni" Turinde ozal hem geçirmekçi bolandyklaryny aýtdylar. Bu pikir 2017-nji ýylda ara alnyp maslahatlaşylypdy we şol wagt italýan aýdymçysy Françesko Gabbana ýaryşda öňdebaryjy hasaplanýardy.
