“Ýewrowideniýe 2022”: finalçylar belli boldy

Düýn agşam “Ýewrowideniýe 2022” aýdym-saz bäsleşiginiň ikinji ýarym final tapgyry geçirildi.Italiýanyň Turin şäherinde geçirilýän bäsleşikde 14-nji maý günki final tapgyryna gatnaşjak 25 ýurt belli boldy. 12-nji maýdaky birinji tapgyrda Şweýsariýa, Norwegiýa, Ermenistan, Gresiýa, Islandiýa, Ukraina, Litwa, Moldowa, Portugaliýa we Niderlandlar finala çykmaga hukuk gazanypdy.

Düýn agşam geçirilen ikinji tapgyrda Belgiýa, Çeh Respublikasy, Azerbaýjan, Polşa, Finlýandiýa, Estoniýa, Awstraliýa, Şwesiýa, Rumyniýa we Serbiýa final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

“Ýewrowideniýe 2022” bäsleşigine gatnaşýan ýurtlar:

Albaniýa, Awstraliýa, Ermenistan, Awstriýa, Belgiýa, Bolgariýa, Horwatiýa, Kipr, Çeh Respublikasy, Daniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Gruziýa, Germaniýa, Gresiýa, Islandiýa, Irlandiýa, Ysraýyl, Italiýa, Latwiýa, Litwa, Malta, Moldowa, Çernogorýe, Niderlandlar, Demirgazyk Makedoniýa, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa, Rumyniýa, San Marino, Serbiýa, Sloweniýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Ukraina we Angliýa.

Bu aýdym-saz bäsleşigi adyndan belli bolşy ýaly, Ýewropa ýurtlarynda geçirilýän hem bolsa, Ýewropa Teleýaýlymlar Bileleşigine (EBU) agza bolan Awstraliýa we Ysraýyl hem gatnaşyp bilýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Basketbol Komandasynyň Ýarym Finaldaky Bäsdeşi Şwesiýa Boldy
Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy
Ronaldo toparyny Ýewropa çempionatyna çykardy
Islandiýada ýanardag çogmasy sebäpli şäheri göçürýärler