Turkish Airlines Türkmenistana uçuşlary resmi taýdan dikeltdi, Aşgabatda rus drama teatrynyň täze binasy gurlar, Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko türkmen şaý-sepini sowgat berdi

Turkish Airlines Türkmenistana uçuşlary resmi taýdan dikeltdi, Aşgabatda rus drama teatrynyň täze binasy gurlar, Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko türkmen şaý-sepini sowgat berdi

1. 2-nji noýabrda Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambuldan (Türkiýe) Türkmenbaşa (Türkmenistan) we yzyna uçuş maksatnamasyny ýola goýdy. Howa gatnawlary Airbus A321 uçarynda hepdede iki gezek çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

2. Aşgabatda Rus drama teatrynyň täze binasy gurlar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Federasiýa Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda belläp geçdi. Ýurdumyzda rus dili ähli umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Häzirki wagtda Aşgabatda Rus drama teatrynyň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işlenilýär diýip, milli parlamentiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

3. 2023-nji ýylda Aşgabatda Türkmen-rus uniwersitetiniň gurluşygyna girişiler. Bu barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwada geçirilen gepleşiklerde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko habar berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl, Rus diliniň ýylynda biziň eýýäm bu ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutup biljekdigimizi habar berdi diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi Matwiýenkonyň sözlerini getirýär.

4.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwada geçirilen gepleşikleriň ahyrynda öz rus kärdeşi Walentina Matwiýenko türkmen zenanlarynyň şaý-sepleriniň birini — tumary sowgat berdi.Bezegden başga-da, tumar gözden-dilden goramak wezipesini hem ýerine ýetirýär.

Ol tumary dakynanlara rowaçlyk getirýär. Şaý-sepleriňbu görnüşi türkmen zergärleri tarapyndan altyn çaýylan kümüşden taýýarlanylýar hem-de hakyk we pöwrize daşy bilen bezelýär.

5. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňzinde gazak-türkmen döwlet serhediniň delimitasiýasy we balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk böleklerini araçäklendirmek hakynda Türkmenistan bilen Şertnamanyň ratifikasiýasy hakynda Kanuna gol çekdi. Şertnama 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistan we Gazagystan tarapyndan Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada döwlet saparynyň dowamynda gol çekilipdi. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky döwlet serhediniň umumy uzynlygy 458 kilometre deňdir.

6. Iri britan egin-eşik öndürijisi Marks & Spencer bir aýlyk kapsula garderoblaryny kärendesine berer. Kompaniýanyň bu çözgüdi alyjylara keşbini üýtgetmek, şonuň bilen bir hatarda klimatyň özgermeginiň netijelerinden planetamyzy halas etmäge goşant goşmak boýunça ekologiýa mümkinçiligini bermek islegi bilen düşündirilýär. Maksatnamada geýimleriň jemi 78 görnüşi, şol sanda köwüşler we aksessuarlar bar. Bir keşbiň bahasy 39 funt sterlingden başlanýar.

7. Google kompaniýasy gözleg ulgamynyň täze mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Chrome ulgamynda gyraky paneliň gözlegini görkezmek goşundysy peýda boldy. Haçan-da oňa basan wagtyňyz, sag tarapda gözlegiň netijeleri, çepde bolsa siziň buýrugyňyz boýunça açylan saýtlar şöhlelenýär. Ikinji täze mümkinçilik gözleg ulgamyndaky bahalaryň yzarlanmagy.

8.Matç TW sport teleýaýlymy futbol boýunça dünýä çempionaty 2022-ni sebitde ýaýlyma bermek hukugyna eýe boldy.Teleýaýlymyň tomaşaçylaryna bäsleşigiň ähli 64 duşuşygy görmek üçin elýeterli bolar.

Türkmenistanda köp sanly futbol janköýerleri bar, IPTV-si bolanlar mundialyň duşuşyklaryny Matç TW teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görüp bilerler.Dünýä çempionaty 2022-niň açylyş duşuşygy Kataryň we Ekwadoryň ýygyndylarynyň arasynda geçirilip, ol 20-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

9. Sport barlaglarynyň halkara merkezi iň gymmat başlangyç düzümleri bolan Ýewropa toparlarynyň sanawyny düzdi. Barlagda 5 sany öňdebaryjy Ýewropa çempionatlarynyň toparlary gözden geçirildi. Mançester Sitiniň esasy düzüminiň 11 oýunçysynyň ortaça bahasy APL-iň bu möwsüminde 605 mln ýewro deň boldy. Şeýle-de öňdäki üçlüge Pari Sen-Žermen (510 mln ýewro) we Mançester Ýunaýted (480 mln ýewro) girdi.

Ýene degişli makalalar

8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mançester Siti APL-de möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy
Google Tottenhemden öý stadionynyň adyna hukugy satyn almak isleýär
De Bruýne Mançester Sitiniň täze rekordyny goýdy
Arsenal birinjiligi elden bermedi
“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Holand het-trikleriniň sany boýunça Ronaldu bilen deňleşdi