APL: Mançester Siti birinji orna geçdi

APL: Mançester Siti birinji orna geçdi

Biraz ozal Angliýanyň premýer-ligasynyň 15-nji tapgyryndan orun alan dört duşuşyk tamamlandy.Günüň iň üns çekiji gapma-garşylygynda Mançester Siti Fulhemi kabul edip, kynçylyk bilen 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýnuň 17-nji minutynda Hulian Alwarez ýer eýelerini hasapda öňe çykardy.Emma 26-njy minutda Sitiniň goragçysy Žoau Kanselunyň öz jerime meýdançasynda gödek oýnamagy onuň emin tarapyndan gyzyl kart bilen jezalandyrylmagyna hem-de Andreas Pereýranyň penaltiden hasaby deňlemegine sebäp boldy. Şeýle-de bolsa Gwardioladan tälim alýan topar ýeňşi öz tarapyna agdyrmagy başardy.

Ikinji ýarymda ätiýaçdan oýna giren Erling Holand emin tarapyndan goşup berlen minutlarda penaltiden gol urup, ýer eýelerine ýeňiş getirdi.Netijede Mançester Siti utuklarynyň sanyny 32-ä ýetirip, turnir tablisasynda birinji orna göterildi.

Häzirlikçe 31 utugy bilen ikinji ýere düşmeli bolan Arsenal ertir Çelsiniň meýdanyndan ýeňişli dolanyp bilse, ýaryş jedweliniň birinji ornuna göterilip biler.

Günüň beýleki oýunlarynda bolsa Braýton myhmançylykda Wulwerhemptony 3:2, Lids öz öýünde Bornmuty 4:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Nottingem Forest bilen Brentfordyň arasyndaky oýun bolsa 2:2 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
“Boxing Day”-iň ýeke duşuşygynda ýeke gol
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi
Arsenal birinjiligi elden bermedi