Tussaghana Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Tussaghana Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainadaky Oleniwka tussaghanasyna guralan hüjümde ýogalan ýesir ukrainaly esgerleriň sanynyň 50-ä ýetendigini aýtdy.

Konaşenkow, 29-njy iýulda Ukraianda Oleniwkanyň golaýyndaky tussaghana guralan raketa hüjümi hakynda beýannama berdi.

Ady agzalýan hüjümiň ABŞ tarapyndan öndürlen HIMARS raketa ulgamy bilen ukrain goşuny tarapyndan guralandygyny öňe süren Konaşenkow, tussaghanada ýesir alynan ukrainaly 192 esgeriň bardygyny belledi.

Konaşenkow, “Raketa hüjüminde ýesir alynan ukrainaly 50 esger ýogaldy, agyr ýalanan 73 esger hem hassahanada bejergi astyna alyndy” diýdi.

Ýaralanan we ýogalan esgerleriň sanawynyň Goranmak ministrligi tarapyndan çap edilendigini nygtan Konaşenkow “Ukrainalylara garşy guralan gandöküşikli gyrgynçylykdan Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý we Ukraina goldaw berýän amerikan hökümeti jogapkär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan bosniýaly kärdeşi Konakowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
" Ukrain Goşunyna Zarba Urmaga Dowam Edýäris"
Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Konaşenkow Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
“Tussaghana Ukrain Güýçleri Tarapyndan Bombalandy”
“Ukrain Güýçlerine Zarba Urmaga Dowam Edýäris”