Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Russiýanyň harby güýçleriniň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşindäki hereketleri barada maglumat berdi.

Russiýanyň harby güýçleriniň Ukrainadaky harby desgalara garşy hüjümleriniň dowam edýändigini aýdan Konaşenkow, Ukrainanyň Bahmut we Awdeýewka şäherleri ugurlarynda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň 13-nji we 66-njy Mehanizirlenen brigdalaryna degişli esgerleriniň 50 göteriminiň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.

Soňky 24 sagatda 20 dolanşyk merkezi, ok-däri ammary bilen S-300 howa goranyş ulgamynyň ýerleşişini kesgitleýän ulgamyň ýok edilendigini aýdan Konaşenkow: ""Dnepr sebitindäki Nikipol şäheriniň golaýynda Mi-24 kysymly dikuçar Russiýanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan ýok edildi. Soňky 24 sagatda 7 sany uçarmansyz howa ulagy ýok edildi diýip aýan etdi.

Konaşenkow: "Ukrainada şu günki güne çenli 267 uçar, 146 dikuçar, 1727 uçarmansyz howa ulagy, 365 howa goranyş raketa ulgamy, 4 müň 287 taňk we sowutly ulag, 797 köp nilli raketa ulgamy, 3 müň 290 gaubisa we minomýot we 4 müň 820 ýörite harby awtoulag ýok edildi" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Russiýa Ukrainanyň Nowoselowskoýe şäherçesini gözegçiligi astyna aldy
Hakan Fidan bosniýaly kärdeşi Konakowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Konaşenkow Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Tussaghana Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy
“Tussaghana Ukrain Güýçleri Tarapyndan Bombalandy”