Russiýa Ukrainanyň Nowoselowskoýe şäherçesini gözegçiligi astyna aldy

Russiýa Ukrainanyň Nowoselowskoýe şäherçesini gözegçiligi astyna aldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky aksiýalary barada maglumat berdi.

Rus harby birikmeleriniň hüjümlerini dowam etdirýändigini aýdan Igor Konaşenkow, Günbatar harby birikmeleriniň hereketleri bilen Kupýansk sebiti ugrunda ýerleşýän Lugansk sebitiniň Nowoselowskoýe şäherçesiniň gözegçilik astyna alynandygyny mälim etdi.

Igor Konaşenkow: "Şu günki güne çenli Ukraina degişli 458 uçar, 245 dikuçar, 5 müň 518 uçarmansyz howa ulagy, 428 howa goranyş ulgamy, 11 müň 130 tank we sowutly ulag, 1142 köp nilli raketa ulgamy, 5 müň 768 gaubisa we minomýot, 12 müň 71 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Hakan Fidan bosniýaly kärdeşi Konakowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Konaşenkow Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Tussaghana Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy
“Tussaghana Ukrain Güýçleri Tarapyndan Bombalandy”