Tut haryt nyşanly gazlandyrylan içgileriň täze görnüşleri öndürilip başlandy

Tut haryt nyşanly gazlandyrylan içgileriň täze görnüşleri öndürilip başlandy

Jadyly çeşme hususy kärhanasynyň Tut haryt nyşanly alkogolsyz gazlandyrylan içgileriniň önüm görnüşleriniň sany artdyryldy. Täzelikde kärhanada premium tagamly 0.4 L gaplarda Tut Kola, Tut Pyrtykal Orange hem-de Tut Lemon Lime suw görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Täze öndürilip başlanan gazlandyrylan içgiler tagamynyň aýratynlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.Olaryň premium diýlip atlandyrylmagy hem şonuň üçindir. Şu hili aýratynlygy nazarda tutmak bilen, kärhananyň hünärmenleri täze Tut Kola, Tut Pyrtykal Orange hem-de Tut Lemon Lime gazly suw içgileriniň asylky nusgawy tagamlaryny müşderilere ýetirmegi maksat edindiler.

Olary öndürmekde Germaniýanyň Döhler kompaniýasynyň ýokary hilli goşundylaryndan peýdalanylýar.Belläp geçsek, içgileriň beýleki gazly içgilerden esasy tapawutly aýratynlygy — olara şekeriň goşulýanlygydyr.Bu bolsa içginiň tebigylygynyň saklanmagyna ýardam edýär.

Tut haryt nyşany bilen bu günki günde kärhanada 0.4 L, 1.5 L göwrümdäki gaplarda suwlaryň onlarça görnüşi öndürilýär.Olaryň hatarynda Tut haryt nyşany bilen Gurt, Gant, Belle, Multishake, Ary Zirk-limon, şeýle-de täze önümler bolan Tut Kola, Tut Pyrtykal, Tut Lemon Lime ýaly gazly içgiler, şeýle-de arassa agyz suwunyň gazly we gazsyz görnüşleri alyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Häzirki wagtda kärhana tarapyndan yglan edilen utuşly aksiýanyň hem dowam edýänligini ýatladýarys. Utuşly aksiýa gatnaşmak bilen, alyjylar birnäçe dürli, şol sanda gymmat bahaly baýraklara — 2 sany ýeňil awtoulaga, şeýle-de beýleki goýlan kiçili-ululy baýraklara mynasyp bolup bilerler.

Telefon belgisi: +99362624444;

Elektron salgysy: info@tutdrinks.сom

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi
Parižde Rasizm we Yslam Garşydaşlygy Protest Edildi
Ukrainanyň oba hojalyk önümleriniň Polşadan geçmegi gadagan edildi
Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
'Halky gorkuzmak guraly'. Türkmenistanlylar Nawalnynyň ölümi barada pikir paýlaşýarlar
“Ukraina, Ýesirleri Alyp Barýan Uçary Nyşana Aldy”