TÝL ― 2020: 9 möwsümde 300 futbolçy tapawutlandy

TÝL ― 2020: 9 möwsümde 300 futbolçy tapawutlandy

Türkmenportalyň habarçysynyň şahsy hasaplamalaryna görä, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň soňky 9 möwsüminde (2012-nji ýyldan bäri) tapawutlanan futbolçylaryň sany 300-den geçdi. Has takygy, 301-e çykdy.

Şu ýylky esasy üýtgeşmeleriň biri Altymyrat Annadurdyýewiň çempionatda 100-nji goluny geçirmegidir. Häzir ol 2012-nji ýyldan äbri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda üçünji orny eýeleýär. Has takygy, sanawdaky ilkinji 10-luk şu tertipde:

1. Süleýman Muhadow, 142 pökgi;

2. Myrat Ýagşyýew, 129 pökgi;

3. Altymyrat Annadurdyýew, 116 pökgi;

4. Didar Durdyýew, 109 pökgi;

5. Hemra Amanmämmedow, 97 pökgi;

6. Guwanç Abylow, 81 pökgi;

7. Mämmedaly Karadanow, 80 pökgi;

8. Elman Tagaýew, 75 pökgi;

9. Aleksandr Boliýan, 69 pökgi;

10. Pirmyrat Sultanow, 63 pökgi.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Ahal ikinji aýlawda ilkinji gezek utuk ýitirdi, Şagadam ilkinji utugyny gazandy
TÝL ― 2023: 15-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar