TÝL ― 2021: möwsümiň ilkinji sary karty Altyn asyryň futbolçysyna görkezildi

TÝL ― 2021: möwsümiň ilkinji sary karty Altyn asyryň futbolçysyna görkezildi

Altyn asyryň futbolçysy Berdimyrat Rejebow Ýokary liganyň täze möwsüminde eminlerden sary duýduryş kartyny alan ilkinji futbolçy boldy. Oňa möwsümiň ilkinji duşuşygynyň 21-nji minudynda baş emin Jumamyrat Jumamyradow tarapyndan sary kart görkezildi.

Aşgabat bilen Altyn asyryň arasynda (1:3) Aşgabat stadionynda geçirilen duşuşykda emin B.Rejebowdan başga-da üç oýunça sary duýduryş kartyny görkezdi. Olaryň üçüsi hem Aşgabadyň futbolçylarydyr.

Has takygy, 27-nji minutda Gurbangeldi Sähedow, 44-nji minutda Myrat Amantaganow, 89-njy minutda bolsa Hakmuhammet Bäşimow eminden duýduryş aldy.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: üç günde iki duşuşyk geçiriler
TÝL — 2023: Aşgabat bilen Şagadam deňme-deň oýnady
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
Futbol, Aşgabadyň kubogy: 1-nji tapgyryň eminleri belli boldy
Futbol boýunça Aşgabadyň kubogynda 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda