TÝL ― 2023: 11-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

TÝL ― 2023: 11-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

― Tapgyrda derwezelere 8 pökgi geçirildi.

― Duşuşyklaryň üçüsinde-de myhmanlar ýeňiş gazandy.

“Köpetdag” “Energetik” 1:2

Gollar: 64 Toýmämmet Sähetmämmedow 44, 62 Reşit Çerkezow.

― Utulyş Köpetdagy üçünji orundan hem mahrum etdi.

― Toýmämmet Sähetmämmedow Ýokary liganyň şu möwsümindäki, Reşit Çerkezow bolsa tutuş Ýokary ligadaky ilkinji gollaryny geçirdiler.

― Köpetdagyň oýunçylaryna möwsümde ilkinji gezek gyzyl kart görkezildi.

“Şagadam” “Nebitçi” 0:2

Gollar: 19 Daýanç Orazgulyýew, 24 Myratdurdy Baýramow.

― Bu ýeňişden soň utugyny 19-a çykaran Nebitçi ýene-de üçünji orna göterildi.

― Myratdurdy Baýramow Ýokary liganyň şu möwsümindäki ilkinji goluny geçirdi.

― Daýanç Orazgulyýew möwsümdäki gollarynyň sanyny 4-e çykaryp, möwsümiň iň netijeli futboblçylarynyň ilkinji bäşligine girdi.

“Altyn Asyr” “Ahal” 1:2

Gollar: 11 Wahyt Orazsähedow 20 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew, 88 Ata Geldiýew.

― Elman Tagaýew bilen Ata Geldiýew möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

― Ahal şu möwsümde ilkinji gezek myhmançylykda ýeňiş gazanyp gördi.

― Altyn asyryň wekillerine möwsümde ilkinji gezek gyzyl kart görkezildi. Toparda möwsümiň ilkinji gyzyl kartyny baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýew aldy.

― Wahyt Orazsähedow Ýokary ligada Altyn asyryň düzüminde 20-nji goluny geçirdi.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Ahal Altyn asyry ýeňlişe sezewar etdi
TÝL ― 2023: 16-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi