TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrda ähli duşuşyklar geçiriler

TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrda ähli duşuşyklar geçiriler

Ertir ― 19-njy awgustda başlanjak 14-nji tapgyr Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň ikinji aýlawynda ähli duşuşyklary hem geçiriljek ilkinji tapgyr bolar. Aýlawda mundan öňki tapgyrlaryň ählisinde bir duşuşyk ätiýaçlykdaky güne galdyrylypdy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tapgyryň duşuşyklarynyň iki günüň dowamynda geçiriljekdigini habar berýär. Onuň ilkinji gününde ― 19-njy awgustda ikinji aýlawda özüni dürsän we henize çenli diňe ýeňiş gazanyp gelýän Ahal aýlawyň we umumy möwsümiň iň pes netije görkezýän toparlarynyň biri bolan Şagadamy kabul eder.

Soňky tapgyrlarda duşuşyk geçirmän, üçünji orna çenli düşen Altyn asyr bolsa, näme üçindir, durnukly oýun görkezip bilmeýän Köpetdag bilen Büzmeýinde güýç synanyşar.

20-nji awgustda futbol janköýerlerine Mary şäherinde-de gyzykly duşuşyk garaşýar. Ikinji aýlawyň gowy netijeleri gazanýan iki topary ― Energetik bilen Nebitçi şol gün biri-birini synaga salar. Şeýle hem şol gün ýaryşyň lideri Arkadag topary Nusaý stadionynda Aşgabady kabul eder.

Tapgyrda Marynyň Merw futbol topary dynç alar.

19.08.2023 ý. (şenbe)

“Ahal” “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Şanazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

“Altyn asyr” “Köpetdag”

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Abdiýazowa (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

20.08.2023 ý. (ýekşenbe)

“Energetik” “Nebitçi”

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Arkadag” “Aşgabat”

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.).

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 13-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 4-nji tapgyrda Maryda birbada iki duşuşyk geçiriler
TÝL ― 2023: 8-nji aýlawyň duşuşyklary geçiriler
TÝL - 2023: "Köpetdag" "Nebitçiden" üstün çykdy
TÝL ― 2023: 10-njy tapgyryň eminleri belli boldy