TÝL ― 2023: oýunlar, ýeňişler, deňlikler, utulyşlar, gollar, utuklar sanlarda we maglumatlarda

TÝL ― 2023: oýunlar, ýeňişler, deňlikler, utulyşlar, gollar, utuklar sanlarda we maglumatlarda

Geçen ýylyň iň soňky günlerinde geçirilen Şagadam ― Ahal duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2023-nji ýyldaky möwsümi doly tamamlandy.

Şeýlelikde, möwsümde jemi 216 duşuşyk geçirildi. Olarda derwezelere 336 gol geçirildi.

24 duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanan Arkadag futbol topary geçen möwsümde iň kän utan topardyr. Ýeňijileriň sanawynyň ikinji basgançagynda 17 ýeňişli Altyn asyr, üçünji basgançagynda bolsa 13 ýeňişli Nebitçi topary bar. Çempionatyň geçen möwsüminde ýeňiş gazanyp görmedik topar ýok.

Şagadam we Merw möwsümde duşuşyklary iň kän gezek deňlikde tamamlanan toparlar boldy. Olaryň ikisi hem 5 duşuşykda garşydaşlary bilen utuk paýlaşdylar.

Energetik 9 toparly çempionatda ýedinji orny eýeläp bilen hem bolsa iň kän gezek utulan topar hökmünde bellige alyndy. Toparyň çempionatdaky duşuşyklarynyň 17-si utulyş bilen tamamlandy.

Geçen möwsümde garşydaş derwezelere iň kän pökgi geçiren topar Arkadag (83 gol), öz derwezesinde iň kän gol gören topar bolsa Aşgabatdyr (51).

Möwsümiň dowamynda toparlar umumylykda 310 utuk topladylar. Bu utuklaryň dörtden biri çempiona ― Arkadag futbol toparyna degişli.

Ýene degişli makalalar

Köpetdag myhmançylykda Merwden asgyn geldi
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: iň kän we iň az golly tapgyrlar
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler