Uçýan taksi taslamalary

Iri şäherlerdäki ýol dyknyşyklary onuň öňüni almak üçin täze çözgütleriň döredilmegine itergi berýär.Bu meseläniň öňüni almak üçin birnäçe ýyldan bäri uçýan awtoulaglar işlenip düzülýär.Häzire çenli şeýle ulaglaryň birnäçesi synagdan geçirildi. “Uber”, “Airbus”, “Volvo”, “Toyota” we beýleki birnäçe kompaniýa bu ugurdaky taslamalary taýýarlaýar ýa-da olara goldaw berýär.

Uçar hereketlendirijilerini we kuwwatly awtoulaglary öndürýän “Rolls Royce” kompaniýasy hem lýuks görnüşli uçýan taksi taslamasynyň üstünde işleýär.Kaşaň awtoulaglary öndürmekde meşhurlyk gazanan brend bu ugurda işleýändigini mälim etdi. 3D printerler arkaly meýilnamasy taýýarlanan ulaglaryň 90 dereje aýlanyp bilýän ganatlarynyň boljakdygy we 5 ýolagça niýetlenendigi mälim edildi.

Taksileriň turbinalarynyň işlemegi üçin 500 kilowatlyk kuwwat gerek bolar.Sagatdaky tizligi 405 kilometre ýetjek ulaglar ýokary tehnologiýa bilen üpjün ediler.Köp ilatly şäherlerde ýol hereketindäki dyknyşygy azaltmagyna garaşylýan taksileriň 2020-nji ýylda doly taýýar ediljekdigi aýdylýar. Ýeri gelende aýtsak, şeýle taslamalary taýýarlaýan, başga-da birnäçe kompaniýa bar.Kanadanyň “Opener” şereketi bolsa, “BlackFly” atly uçýan awtoulagyny tanyşdyrdy.

Bäsdeşlerinden yzda galmak islemeýän kompaniýanyň ulagy bir orunlyk bolup, onuň sagatdaky tizligi 100 kilometre ýetýär.Dolandyrmagy örän ýönekeý bolan elektroulag bir gezekki zarýady bilen bary-ýogy 40 km ýol geçip bilýär.

Ony sürmek üçin uçarman şahadatnamasy hökman däl.Suwda hem uçup-gonup bilýän ulag gury ýerde otlaryň üstünden hem howa göterilip bilýär. 30 minutda zarýadlandyryp bolýan ulagyň bahasynyň ortaça, sport ulaglarynyňky bilen deňräk boljakdygy aýdylýar. “Google”-yň esaslandyryjylarynyň biri bolan Larri Peýç “Opener” şereketiniň taslamalaryna goldaw berýär.

Ýene degişli makalalar

Lagerfeldiň pişigi onuň wesýet eden mirasyny almady
Türkmenistan: Daşary ýurt etiniň ýeke-täk üpjünjisi Maşgalanyň ýakyn dosty
23.01.2018 | Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
“Touareg” Ygtybarly ulag