Üç welaýatda “Türkmeniň ak öý” binalarynyň düýbi tutuldy. Olaryň hersiniň gapdalynda dikuçar meýdançasy bolar

5-nji dekabrda Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Türkmeniň ak öýi şekilindäki özboluşly kaşaň bina iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir.

TDH-nyň maglumatyna görä, Balkanabatda “Türkmeniň ak öýi” binasy şäheriň günbatar künjeginde kemala gelýän kiçi etrapçalaryň biriniň çäginde gurlar.

1 of 2

Daşoguzda bu bina soňky ýyllarda şäheriň Ruhnama köçesiniň ugrunda kemala gelen binagärlik toplumynyň esasy binalarynyň birine öwrüler.

Türkmenabatda bina ediljek täze bina şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ýakynynda gurlar.

Mundan başga-da, bu binalaryň gapdalynda sadaka çärelerini geçirmek üçin 3 müň orunlyk bina, dikuçar meýdançasy, awtoduralga, dürli inženerçilik-tehniki desgalar bolar.

“Türkmeniň ak öýi” binalaryny 2021-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

1 of 3

Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy noýabrda Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalaryny gurmak baradaky karara gol çekdi. “Türkmeniň ak öýi şekilindäki özboluşly kaşaň bina iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir” diýip, türkmen metbugatynda aýdylýar.

Bu hili desgalar ozal Mary we Ahal welaýatlarynda guruldy.

Ýene degişli makalalar

“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärler üçin Açyk gapylar gününi geçirýärler
Kaşaň türkmen öýleri — ösüşiň we ruhubelentligiň nyşany
Ýygymçylara töläre pullary bolmansoň, kärendeçiler pagtany ýygnap bilmeýärler
Ak öýler türkmen myhmansöýerliginiň nyşany
Russiýaly kosmonawt kosmosdan Türkmenistana gutlag iberdi, türkmen metbugatynyň gutlagda çap eden suraty şübheli