Mary we Lebap welaýatlarynyň daýhan birleşikleriniň käbirinde meýdandaky pagta ýygnalman ýatyr diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.
Bu hili ýagdaýy Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň “Watan”, “Türkmenistan”, “Ruhnama” daýhan birleşiklerinde we Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň birnäçe daýhan birleşginde görse bolýar.
Kärendeçiler pagta ýygymyna hatda şäherleriň we şäherçeleriň işsiz ýaşaýjylaryny hem çekip bilmeýärler, sebäbi olar öz zähmetleri üçin wagtynda we mynasyp töleg tölenmegini talap edýärler. Kärendeçilerde bolsa, hakyna tutulan ýygymçylaryň zähmetine hak tölemek üçin ýeterlik pul ýok, sebäbi döwlet tabşyrylan pagta üçin ýanwardan bärde pul tölemeýär.
Oba hojalyk birleşmeleriniň köpüsinde pagta ýygan kombaýnlar hem ýok. Mary welaýatynda bar bolan kombaýnlaryň tas hemmesi diýen ýaly Howuzhan giňişliginde ulanylýar.
TAH-yň habar bermegine görä, Mary welaýatynda kärendeçiler harby bölümleriň ofiserleri bilen gürleşip, iki ýyllyk harby gulluga alnan esgerleri pagta meýdanlaryna getirýärler. Ozal habar berlişi ýaly, esgerlere ýygan pagtalary üçin pul tölenmeýär, emma daýhanlar olary naharlaýar.
Bu iş üçin puly uly derejeli ofiserler alýarlar.
Bu ýyl ekerançylyk ýaplarynda ýeterlik suw bolmansoň, regionlaryň köpüsinde pagta hasyly pes boldy. Mary welaýatynyň Ýolöten, Murgap, Tagtabazar etraplarynyň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän Murgap derýasynda suw tasdan bolmady. Netijede, bu etraplarda pagta hasyly hem pes boldy.
Bu welaýatyň Türkmengala, Baýramaly, Garagum etraplarynda ýeterlik pagta hasyly ýetişdirildi, sebäbi bu etraplaryň ekin meýdanlary Garagum kanalyndan suwarylýar. Lebap welaýatynda bolsa, etraplaryň köpüsi bu sebitiň içinden geçän Amyderýanyň suwuny ulanýarlar.
Şeýlelikde, gowaça ekilen meýdanlaryň suw ýetmedik ýerlerinde hasyl bolmady, suw ýeterlik bolup, pagta hasylynyň ýetişdirilen ýerlerinde bolsa ony ýygnamak problema boldy.
Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy noýabrda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe “hasyly soňky übtügine çenli ýygnap almagy” tabşyrdy.
Mundan öňki ýyllarda pagta ýygymy oktýabrda ýa-da noýabryň başynda tamam bolýardy
