Üm dili GAR-da resmi dil diýlip yglan edildi

Üm dili GAR-da resmi dil diýlip yglan edildi

Günorta-Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramaposa günortaafrikan üm diline ýurtda resmi dil derejesini bermek hakynda Kanuna gol çekdi. Bu barada ýerli SABC teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berýär.

Üm dili ýurduň 12-nji resmi dili boldy. Oňa täze derejäniň berilmegi GAR-yň ilatynyň agramly böleginiň hukularynyň berjaý edilmeginde möhüm ädimdir diýip, Ramaposa nygtady.

Günortaafrikan ümlük dili ýerli halklaryň dili bolup, GAR-yň dil we medeni mirasynyň möhüm bölegidir diýip, döwletiň diwanynyň habarnamasynda aýdylýar. El hereketi bilen aňladylýan bu diliň anyk grammatik düzümi we leksikasy bolup, beýleki hiç bir dile garaşly däldir.

GAR Afrikada bu dili resmi dil hökmünde ykrar eden Keniýadan, Zimbabweden we Ugandadan soňra dördünji ýurt boldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KHBS-I BILEN TASS HABAR AGENTLIGINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINE GARALDY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI
TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BADY AK ÝOLLARYŇ ROWANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI