Uimbldonyň bu ýylky çempiony gazagystanly tennisçi boldy

Uimbldonyň bu ýylky çempiony gazagystanly tennisçi boldy

Biraz ozal Uimbldonyň zenanlaryň arasyndaky ýekelik bäsleşikleriniň final oýny tamamlandy. Aýgytlaýjy duşuşykda gazagystanly Ýelena Rybakina tunisli Uns Jabere garşy çempionlyk üçin korta çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda 3-6, 6-2, 6-2 hasabynda Ýelena Rybakina ýeňiş gazanmagy başardy. Şeýlelikde, gazagystanly 23 ýaşly tennisçi hem öz ýurdunyň, hem Merkezi Aziýanyň taryhynda uly tuwulga ýaryşlarynda çempionlyk münberine göterilen ilkinji tennisçi boldy.

Maglumat üçin, professional karýerasyny 2016-njy ýylda başlan Ýelena Rybakina şu wagta çenli WTA turnirleriniň ikisinde, ITF bäsleşikleriniň dördüsinde baş baýraga mynasyp bolupdy.Uimbldondaky çempionlyk arkaly ol karýerasynyň dowamynda gazanan utuş pullarynyň mukdaryny 6 million amerikan dollaryndan geçirdi.

Ol häzirki wagtda WTA reýtinginiň 23-nji basgançagy eýeläp dur, bu ugurda iň oňat görkezijisi bolsa şu ýylyň 17-nji ýanwarynda hasaba alnan 12-nji orundyr. Ýeri gelende, WTA-nyň käbir sebäplere görä, bu ýyl Uimbldonyň çäklerinde geçirilen oýunlar üçin utuk bermändigini belläp geçmek gerek.

Ýene degişli makalalar

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna nirede tomaşa edip bolar?
Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler
22.12.2017 | Talyp sporty“- ýurduň iň güýçli futzal topary
Futzal boýunça milli birinjiligiň ýeňijisi belli boldy