Ukrain kompaniýasy Türkmenistandan nebit satyn almagy meýilleşdirýär

Ukrain kompaniýasy Türkmenistandan nebit satyn almagy meýilleşdirýär

OKKO Işewürler-topary (Ukraina) awtomobil ýangyç bazarlaryny giňeltmegi, şol sanda Türkmenistandan nebit önümlerini satyn almagyň hasabyna giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýty "Interfaks-Ukraina" salgylanyp habar berýär.

2021-nji ýylyň başynda OKKO Herson nebit daşaýjy toplumyny satyn aldy we ony döwrebaplaşdyrmak üçin 3 mln amerikan dollary möçberinde maýa goýum goýmagy maksat edinýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň habar bermegine görä, bu toplum döwletiň günorta we gündogar welaýatlaryndaky awtomobil ýangyç beketlerine nebit önümlerini ýetirmegiň netijeliligini we ykjamlygyny ýokarlandyrmak üçin kompaniýanyň logistika bazisini berkitmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, munuň özi nebit önümlerini iberijileri diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm tapgyrdyr.

OKKO-nyň wise-prezidenti Ý.Kuçabskiýniň nygtamagyna görä, port toplumyny satyn alynmagy ýangyç bazaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär: amatly şertlerde OKKO Türkmenistandan, Türkiýeden, Gresiýadan, Bolgariýadan import edýän nebit önümleriniň möçberlerini artdyryp biler. Şu babatda ýylda 150-200 tonna görkeziji agzalyp geçildi.

Häzirki wagtda Galnaftogaz Konsern PJ-niň (OKKO topary) ygtyýarynda 440 awtomobillere ýangyç-guýujy beket bar. Herson nebit daşaýjy toplumy nebit tankerlerini ýüklemek üç ýangyjy saklamak üçin desgany, demir ýol magistrallaryna çykalgasy bolan nebit bazasyny, nebit önümleriniň geçirijileriniň toruny öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesine berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi