"Ukraina Bilen Diplomatiýa Taýdan Ylalaşyk Gazanmagy Umyt Edýärin"

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukraina bilen diplomatiýa taýdan ylalaşyk gazanmagy umyt edýändigini aýtdy.

Putin, paýtagt Mokswada Kreml köşgünde BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda beýannama beren Putin, BMG-nyň ýörelgelerine güýçli goldaw berýändiklerini we goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Käbir adamlaryň kadalara esaslanýan dünýä hakynda gürrüň edýändigini emma kadalaryň kimdir biriniň bähbidini goramak üçin ýazylmandygyny aýdan Putin, BMG-nyň düzgünnamasyna we BMG-nyň beýleki resminalarynyň esasy resminamalardygyna ynanýandyklaryny belledi.

Ukrainadaky meseläniň 2014-nji ýyldaky “agdarlyşykdan" soň ýüze çykandygyny ýatladan Wladimir Putin, Donbas krizisi hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Donbassdaky dolanşyklaryň harby hüjümlere sezewar bolandyklary üçin özlerinden harby kömek talap edendigini aýdan Putin; “biz hem BMG-niň şertnamanyň 51-nji maddasynyň 7-nji bendine laýyklykda ýörite harby operasiýa başladyp, şol kömegi bermeli bolduk. Dowam eden harby operasiýa garamazdan diplomatik taýdan ylalaşyk gazanjakdygymyzy tama edýäris. Gepleşikler geçirýäris, olary ret edemizok” diýdi.

Stambulda Russiýanyň Ukraina bilen geçiren gepleşiklerinde iňňän möhüm başlangyçlaryň edilendigine ünsi çeken Putin, Buça wakasyndan soň ukrainaly resmileriň çözgüt boýunça pozisiýalarynyň düýpli üýtgändigini, ähi zada garamazdan gepleşikleriň onlaýn dowam edendigini, ýene-de oňyn netijäniň çykmagyny tama edýandigini nygtady.

BMG-niň baş Sekretary Guterriş bolsa Ukrainadaky şertleriň aladalandyryjydygyny nygtap, Russiýanyň Ukrainada başdan geçirilýäler we Ýewropanyň global howpsuzlygy bilen bagly käbir günäkärlemelerine düşünýändigini beýan etdi.

Guterriş; “Biziň garaýyşymyza görä bu närazylyk BMG-niň konwensiýasy tarapyndan teklip edilýän dürli serişdelere laýyklykda çözülmeli. Haýsydyr bir ýurduň territorial bitewiliginiň bozulmagynyň BMG-niň konwensiýasyna bap gelmeýändigini bilýäris. Häzirki wagtda başdan geçirilýänler bizi çuňňur aladalandyrýar. Ukrainanyň basylyp alynýandygyny pikir edýäris” diýdi.

BMG-nin syýasy gepleşiklere tarap bolup durmaýandygyny beýan eden Guterriş; “Iki ýurduň arasyndaky dialogy we Türkiýäniň bu ugurdaky ýagşy niýetini goldaýarys. Emma Ukrainadaky gumanitar ýagdaý boýunça esasy borjumyz bu meseläni çözmek we kadalaşdyrmakdyr” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gimalaýlardaky buzluklar çalt ereýär
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady