Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruş dowam edýär

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruş dowam edýär

Serkerdeligiň sosial media hasabyndan berilen ýazmaça beýanatda, düýn gije rus goşunynyň Ukrainanyň günorta sebitlerine raketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy mälim edildi.

Gara deňiz tarapyndan Odessa 6 sany Kalibr raketasynyň uçurylandygy bellenen beýanatda: "Ähli raketalar howa goranyş güýçlerimiz tarapyndan ýok edildi. 21 sany Şahid uçarmansyz howa ulagy Odessa sebitine gaçdy" diýip habar berildi.

Beýanatda raketalaryň ýok edilmegi netijesinde bolan partlama tolkuny we ýere gaçyrylan raketalaryň bölekleri sebäpli portyň infrastrukturasyna we köp sanda öýe zeper ýetendigi, ýaralanan 1 adamyň hassahana ýatyrylandygy aýan edildi.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri tarapyndan berilen beýanatda, düýn gije ruslaryň Ukraina günortadan 6 Kalibr raketasy we 36 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny we ählisiniň ýok edilendigini beýan etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Odessa we Nikolaýew şäherlerinde Russiýa garşy terrorçylykly aksiýalaryň taýarlyk görülendigini, şol sebäpli tankydy desgalara ýokary takyk raketalar bilen hüjümleriň guralandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda meýilleşdirilen ähli nyşanalaryň ýok edilendigi aýan edildi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň bikanun ýagdaýda anneksiýa eden Kryma Ukraina tarapyndan 28 uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümiň öňüniň alynandygy habar berildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda howa goranyş ulgamlarynyň uçarmansyz howa ulaglaryny nyşana ýetmeden ýere gaçyrandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýa degişli desant gämisine reketalar bilen hüjüm gurady
Russiýa Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady
Russiýa Ukraina degişli birikmeleriň Kryma girmek synanyşynyň öňüniň alynandygyny habar berdi
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy
Aşgabat Russiýada kyn ýagdaýa düşen raýatlarynyň ykbalyna 'göz ýumýar'