Ukrainada Stalint Döwrüne Degişli Köpçülikleýin Gonamçylyk Tapyldy

Ukrainada Stalint Döwrüne Degişli Köpçülikleýin Gonamçylyk Tapyldy

Ukrainanyň Odessa şäheriniň howa menzilinde geçirilen gazuw agtaryş işlerinde ozalky Sowet Soýuzynyň döwlet ýolbaşçysy Iosif Staliniň döwrüne degişlidigi kesgitlenen köpçülikleýin gonamçylyk tapyldy.

Odessanyň häkimliginden berilen beýannama görä 1930-njy ýyllaryň ahyrlaryna degişlidigi çaklanylýan gubyrlar, howa menziliniň giňeldilmegi üçin geçirilen barlaglaryň dowamynda ýüze çykdy.

5 gekdar meýdanda ýerleşýän 29 gubyrda 5-18 müň adamyň galyndylarynyň tapylandygy habar berildi.

Howa menzilindäki gazuw-agtaryş işleri bolsa dowam edýär.

1930-1941-nji ýyllaryň aralygynda “Uly Stalin Arassaçylygy” atlandyrylan köpçülikleýin gyrgynçylyklar edilipdi.

Ukrain taryhçylary şol döwürde 8 müňe barabar adamyň Sowet milisiýasy tarapyndan öldürilendigini we ýurduň başga ýerlerinde-de köpçülikleýin gonamçylyklaryň bardygyny öňe sürýän hem bolsa, bellige alynmandygy üçin gurbanlaryň şahsyýetleriniň anyklanmagynyň mümkin däldigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

"Rus halky biziň uly doganymyz": SSSR respublikalarynyň gimnleri rus halkyny nädip wasp etdi; ony kolonizasiýa hasaplap bolarmy
Kömek Kulynyň kyssasy we türkmen edebiýatynyň 'suwsuz degirmen' aladasy
Diktatoryň ölümi: awtoritar hökümdar ýogalansoň, näme bolup geçýär?
Aňzakda, göreşde açylan ak gül
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Türkmenistan Ýeňiş gününi nähili belleýär?
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'