Ukrainaly 16 Müň 221 Çaga Zor Bilen Russiýa Alnyp Gidildi

Ukrainaly 16 Müň 221 Çaga Zor Bilen Russiýa Alnyp Gidildi

BMG-nyň derňewçileri, Russiýanyň ukrainaly çagalary öz gözegçiligi astyndaky sebitlerden zor bir daşary ýurda alyp gitmeginiň harby jenaýatdygyny mälim etdi.

BMG-nyň Ukraina komissiýasy, ukrainaly ýüzlerje çaganyň bikanun ýagdaýda Russiýa alnyp gidilendigi barada subutnamalarynyň bardygyny habar berdi.

Komissiýanyň habarnamasynda, Russiýanyň Ukrainada başga harby jenaýatlar edýändigi baradaky maglumatlary öz içine alýar.

Habarnamada hassahanalara guralan hüjümler, zorlamalar, zulum edilenler we bilkastlaýyn öldürlenler hakynda maglumat berilýär.

Ukrainanyň hökümetiniň görkezijilerine görä, 16 müň 221 çaga zor bilen Russiýa alnyp gidildi.

Habarnamada, Russiýanyň käbir çagalara raýatlyk bermek we çagalary goraýjy maşgalara bermek ýaly syýasatlar alyp barýandygy nygtalýar.

Habarnamada, Russiýanyň ukrainaly çagalary zor bilen başga ýurda alyp gitmek bilen “halkara hukugyny basgylaýandygy we harby jenaýat edýändigi” nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

TBMM-niň Başlygy Şentop, Antalýada Özara Duşuşyklar Geçirdi
Nurana bina gözellikden başlanýan ýol
ABŞ-nyň täze hasabaty Türkmenistanda adam hukuklarynyň meselelerini gozgaýar
Lebedew: GDA bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň saklanylmagy möhüm
Serdar Berdimuhamedow Zoran Milanowiçi Horwatiýanyň Döwlet güni bilen gutlady
“Titanik” gämisiniň ýolagçysynyň haty 12 müň dollara satyldy