Ukrainanyň Daşary işler ministri harby kömekler barada beýannama berdi

Ukrainanyň Daşary işler ministri harby kömekler barada beýannama berdi

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba, häzirki wagtda tank koalisiýasynyň 12 agzasynyň bardygyny, emma şol ýurtlara koalisiýa diýmegiň entek irdigini, sebäbi käbir ýurtlaryň öz içerki proseduralaryna laýyklyklykda resmi kararlar kabul etmekleriniň gerekdigini mälim etdi.

Beriljek harby kömekleriň ilkinji etabynda Ukrainanyň Günbatar önümi bolan 120 bilen 140 aralygynda döwrebap tank aljakdygyny aýdan Kuleba: "Olar Leopard 2, Challenger 2, M1 Abrams ýaly tanklardan ybaratdyr. Mundan başgada Leclerc görnüşli tanklaryň hem boljakdygyny umyt edýäris" diýip aýan etdi.

Ministr Kuleba tank koalisiýasyny giňeltmek üçin dowamly häsýetde işler alyp barýandyklaryny habar berdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň geňeşçisi Mihail Podolýak Twitterden beren beýanatynda, Russiýanyň dowam edýän hüjümleriniň, şol ýurduň parahatçylyga taýar bolmandygyny görkezýändigini beýan etdi.

Podolýak: "Front liniýasyndaky şäherleriň dowamly häsýetde bombalanmagy, enjamlaryň we ok-därileriň artdyrylmagy, harby birikmeleriň tapawutly ýerlere ýerleşdirilmegi, Russiýada goşmaça mejbury mobilizlenme gollanmasy bularyň ählisi Russiýanyň parahatçylyga taýar bolmandygyny görkezýär. Bularyň ählisi dartgynlygyň gönüden-göni alamaty. Şol sebäpli Ukraina ýarag, ýarag we ýene-de bir gezek ýarag gerek" diýip nygtady.

Beýleki tarapdan Donetsk welaýatynyň gubernatory Pawlo Kyrylenko, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, rus basyp alyjylaryň bir mahallar rahat bir şäher bolan Bahmut şäherini haraba öwürendigini aýan etdi.

"Eýýäm birnäçe aý bäri basyp alyjylar bilkastlaýyn häsýetde Bahmutdan geçip, adamlary öldürýär" diýip aýdan Kyrylenko, guralan hüjümleriň netijesinde ýene-de 2 adamyň ýogalandygyny, 4 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Polşa, ABŞ-dan 250 Sany Tank Alar
Rus Işewüri Abramowiçiň Ýahtasy Bodruma Geldi
Roman Abramowiçiň türkleriň "Geztepe-sini" satyn almagy mümkin
Milli Bahar baýramyna bagyşlanan göçme sergi
Sky News: “Çelsini” satyn almak üçin arzalar 18-nji marta çenli kabul ediler