Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Kremençuk şäherindäki hüjüm barada beýanat berdi

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Kremençuk şäherindäki hüjüm barada beýanat berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Kremençuk şäherinde içinde asuda halkdan 1000-den gowrak adamyň bolan söwda merkezine hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde 16 adam ýogaldy, 59 adam ýaralandy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Poltawa sebitinde ýerleşýän Kremençuk şäherindäki söwda merkeziniň Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan raketalar bilen nyşana alynyp, hüjüm guralandygyny belläp: "Bu terrordan başga bir zat däl. Ol ýalňyşlyk bilen guralan raketaly hüjüm däl. Bu söwda merkezine garşy gowy edip hasaplanyp guralan rus hüjümleridir" diýip beýan etdi.

Russiýanyň goşunynyň Harkow şäherine hem hüjüm gurandygyny we hüjümde 5 adamyň ýogalandygyny, 5-si çaga 30-dan gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdan Zelenskiý, Russiýanyň Ukrainanyň topraklaryna takmynan 2 müň 800 raketa atandygyny mälim etdi.

Zelenskiý: "Russiýa dünýäniň iň uly terror guramasy ýagdaýyna öwrüldi. Bu bir hakykat. Onuň kanuny tarapy bolmalydyr. Dünýäde her kim rus nebitini satyn almagy, rus banklary bilen iş salyşmaklary, rus döwletine salgyt we ýygym tölemegi terrorçylara pul berýändigi manysyna gelýändigini bilmelidir. Dünýä rus terroryny duruzyp biler we duruzmalydyr" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy
Dron hüjümleri Russiýanyň günortasynda howa gatnawyny bökdedi
Ukrainanyň Luganskda guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ukraina Russiýanyň nebit ammaryna dron hüjümini gurady
Ýewropada Ukrainanyň howpsuzlyk kepillikleri maslahatlaşylýarka, Russiýa Kupýansky ele saldy
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümler dowam edýär