Uly aýlag sebitinden Türkmenistan — Hytaý ugry boýunça ilkinji göni howa ýoly açyldy

Uly aýlag sebitinden Türkmenistan — Hytaý ugry boýunça ilkinji göni howa ýoly açyldy

23-nji iýulda Türkmenhowaýollarynyň akylly elektronika, egin-eşik we beýleki harytlary alyp barýan ýük uçary Şençžen-Baoan halkara howa menzilinden Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada uçdy.

Bu uçuş Uly aýlag sebitinden Türkmenistana howa arkaly ilkinji göni halkara ýük ugrunyň resmi açylyşyny alamatlandyrdy diýip, CGTN halkara teleýaýlymy ýazýar.

Şeýle-de bu gatnaw Şençžen şäherinden ilkinji Merkezi Aziýa ugry bolup durýar. Bu ýoluň açylmagynyň Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdany hasam ösdürmegine garaşylýar.

Ozal Türkmenistan awiakompaniýasy iýul aýynda iki sany täze ugra — Milana, Italiýa we Hytaýyň Şençžen şäherine ýük daşamaga başlajakdygyny habar beripdi. Uçuşlar hepdede bir gezek Airbus A330-200 P2F ýük uçary bilen amala aşyrylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işlerini geçirýär, Türkmenistan awiakompaniýasy Milan we Şençžen şäherlerine ýük daşamalaryny amala aşyryp başlar we beýleki habarlar
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda geçirilen olimpiadada üstünlik gazandylar
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Lissabon geljegiň şäheri
Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi
Geljekde haýsy şäherlerde uly innowasiýa üstünlikleri bolup biler?