Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işlerini geçirýär, Türkmenistan awiakompaniýasy Milan we Şençžen şäherlerine ýük daşamalaryny amala aşyryp başlar we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işlerini geçirýär, Türkmenistan awiakompaniýasy Milan we Şençžen şäherlerine ýük daşamalaryny amala aşyryp başlar we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işiniň geçirilýändigini yglan etdi. Umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2023-nji ýylyň 10 — 20-nji iýuly aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.

2. 16-njy iýuldan başlap, Türkmenhowaýollary Milan we Şençžen şäherlerine ýük daşamalaryny amala aşyryp başlar. Gatnawlar P2F modofikasiýaly Airbus A330-200 ýük uçarlary arkaly hepdede bir gezek amala aşyrylar.

3. Türkiýäniň Söwda ministrligi türk potratçylary tarapyndan Türkmenistanda durmuşa geçirilen taslamalaryň umumy bahasyny mälim etdi. Habar berilmegine görä, türk gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 50 mlrd dollara deň bolan taslamalary durmuşa geçirdiler. Türk potratçylarynyň hyzmatlar ulgamynyň beýleki bazarlary Russiýa, Yrak, Gazagystan, Saud Arabystany we Alžir ýaly döwletlerdir.

4. Tokio şäherinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekiliýeti bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Maliýe ministrliginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda maliýe-ykdysadyýet ulgamy boýunça täze resminamalary işläp düzmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

5. Prezident Serdar Berdimuhamedow Annageldi Ýazmyradowy saglyk ýagdaýy sebäpli, obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda degişli Permana gol çekdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan hem boşadyldy.

Dünýäde

6.Ispaniýanyň suwasty arheologlary Mursiýanyň günorta-gündogar çäklerinde finikiýalylary gark bolan gämisini tapdylar.Gäminiň ýaşy 2500 ýyl diýlip çaklanylýar.Taryhçylaryň bellemeklerine görä, bu gämi b.e. öňki 580-nji ýylda gurlupdyr.

Onuň doly öwrenilmegi Lewantanyň Orta ýer deňziniň gündogaryndaky ýurtlaryň çäklerini eýelän taryhy sebitiň gurluşyk tehnologiýalaryny, şeýle hem finikiýalylary söwda tejribelerini içgin öwrenmäge mümkinçilik berer.Uzynlygy sekiz metre golaý bolan gämi Ispaniýanyň Mazzrrone kenarýaka dynç alyş merkezinden 60 metr uzaklykda ýerleşýär.

7. Las-Wegasda dünýädäki ilkinji äpet sfera şekilli ekran peýda boldy we ol şäheriň 18 müň tomaşaça niýetlenen konsert meýdançasynda ýerleşdirildi. Sferanyň diametri 158 metre, uzynlygy 111,5 metre deňdir. Ol dünýädäki iň uly sfera şekilli gurluşdyr. Bu ekran göwrümi hokkeý şaýbasyna deň bolan 1 milliondan gowrak yşykly dioddan ybaratdyr. Onuň gurluşygy üçin 2,3 milliard dollar harçlandy.

Sport habarlary

8.Türkmen awtomobil ýaryşçylary penşenbe güni Kazan şäherinde badalga alan Ýüpek ýoly 2023 atly 13-nji halkara ralli-reýd ýaryşyna gatnaşýarlar.Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň adyndan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Begenç Annaýew, Muhammetmyrat Gurbanow, Süleýman Annamämmedow we Parahat Garlyýew çykyş edýär. Ýaryşyň ugry Russiýanyň 13 sebitiniň üstünden geçýär.

Oňa gatnaşyjylar 5 müň kilometrden gowrak aralygy geçmelidirler we 15-nji iýulda Moskwadaky Kreml köşgüniň diwarynyň ýanyndaky pellehanada ýaryjy jemlemelidirler.

9. Kuraş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýatynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýygnanyşyk iýul aýynyň başynda badalga aldy we aýyň ortalaryna çenli dowam eder. Iýul aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň topary Gyrgyzystanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Lissabon geljegiň şäheri
Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi
Geljekde haýsy şäherlerde uly innowasiýa üstünlikleri bolup biler?
“Huawei” “Honor”-y satdy
Gozgalmaýan emläk bazarynda dünýäniň öňdebaryjy şäherleri