Uniwersiadada ýer eýeleriniň uly üstünligi

Russiýanyň Krasnoýarsk şäherinde geçirilen 29-njy gyşky Uniwersiada tamamlandy. 12 günläp dowam eden Uniwersiada 58 ýurtdan 3000 türgen gatnaşyp, olar sportuň umumylykda 11 görnüşi boýunça medallar toplumynyň 76-sy ugrunda bäsleşdiler.

Medallaryň sanawynda ýer eýeleri has ýokary netije görkezip, 1-nji orny eýelediler.Russiýaly talyplar 41 altyn, 39 kümüş, 32 bürünç jemi 112 medal gazandylar. 2-nji orundaky Günorta Koreýanyň türgenleriniň 6 altyny, 4 sany-da kümüşdir bürünç medaly bar.

Aziýanyň başga bir wekili ýaponlar 5 altyn, kümüş we bürünç medallaryň hem hersinden 4-sini alyp, 3-nji ýeri eýelediler.Toparlaýyn ýaryşlarda hokkeý boýunça erkekleriň we gyzlaryň arasynda-da Russiýanyň topary altyn medala mynasyp boldy.

Bendi boýunça bäsleşiklerde oglanlaryň arasynda ruslar, gyzlaryň arasynda şwedler ýeňiş gazandy.Körlingde altyn medallary Skandinaw ýurtlarynyň wekilleri — Norwegiýa (oglanlar) bilen Şwesiýanyň (gyzlar) talyplary almagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Düwleniň derisinden kitap
Ýewropanyň haýsy ýurtlarynda ýaşlar ene-atalary bilen has uzak ýaşaýarlar?
Ýady ösdürýän önümler
Horlanmaga kömek edýär
Norwegiýaly olimpiýaçylaryň rekordlary
Dünýäniň ilkinji halkara metrosy