USAID türkmen hünärmenlerine innowasiýalary öwrenmekde goldaw berýär

2023-nji ýylyň 16-23-nji awgustynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Latwiýanyň Riga şäherine amala aşyran saparynyň barşynda, inçekesel boýunça bäş sany hünärmen üçin derman serişdelerine durnukly inçekeseli kliniki gözegçilikde saklamak boýunça okuwlary geçirdiler.

BSGG-niň Latwiýanyň Riga şäherindäki Hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan guralan hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýedi günlük okuw kursy, Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň we welaýatlarynyň ftiziatr lukmanlary üçin niýetlenen bolup, ýerlerde güýçli depginli işleri – ýagdaýlaryň interaktiw derňewini, tanyşdyryş saparlaryny, toparlaýyn ara alyp maslahatlaşmalary we tanyşdyryşlary geçirmek bilen, soňky çykan gollanmalary, maslahatlary we ylmy maglumatlary ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Bu tagallalaryň ählisi 2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we onuň bilen göreşmek boýunça Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmeklige ýardam berýär. Şonuň bilen bir hatarda, saglygy goraýyş işgärlerini yzygiderli okatmak bilen, derman serişdelerine durnukly inçekeseli bejermekde we kliniki gözegçilikde saklamakda innowasiýalar hakyndaky bilim, USAID agentliginiň inçekesele garşy göreşmek baradaky bütindünýä strategiýasynda we BSGG-niň “Inçekeseli ýok edeliň!” atly strategiýasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, inçekeseli irki tapgyrda ýüze çykarmaga we kesel ýokuşan adamlaryň arasynda işjeň inçekeseliň ýitileşmeginiň öňüni almaga, şeýlelik bilen inçekeselli adamlaryň sanyny we ondan ölümliligi azaltmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

USAID Türkmenistandan pomidor we gawun eksportyny ösdürmäge ýardam berýär
Türkmenistan we USAID Garagum derýasynda suwy ölçeýji enjamy işe girizdi
Garagum derýasynda suw serişdelerini ölçeýän ulgam işe girizildi
Aşgabatda suw hojalygy boýunça sebit maslahaty geçirildi
USAID Türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady
Türkmen kompaniýalary öz önümlerini “UzFood 2024” halkara sergisinde tanyşdyrdylar