USSAT HALYÇY OGULGEREK HALYPAMYZ GÖRELDE MEKDEBIMIZDIR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” Ussat halyçy Ogulgerek halypamyz görelde mekdebimizdir ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge, Watanyň şan-şöhratyny ösüşlerini, çeper elleriniň, uz barmaklarynyň döredýän haly gölleridir, nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşan ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Ogulgerek Berdimuhamedowanyň eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezýän ussat halyçy höküminde uly abraýa eýe bolandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda, ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENIŇ TARYHY KÖKLERI
Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir
Gurbanguly Berdimuhamedowy Si Szinpin garşylady
Pekinde bolýan Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy
Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen ugrady, Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy HHR-niň başlygy Si Szinpin garşylady