Vitol we SOCAR kompaniýalary türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşdylar

Vitol we SOCAR kompaniýalary türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşdylar

Vitol we SOCAR kompaniýalary Baku-Tbilisi-Jeýhan turba geçirijisi arkaly türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşdylar. Bu barada Energy Diary neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu ylalaşyk esasynda Russiýanyň Noworossiýsk porty arkaly iberilýän türkmen nebitiniň daşalyşy, takmynan, 50 göterime çenli azalar.Häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitiniň Russiýanyň üsti bilen üstaşyr iberilýän möçberi aýda 160 müň tonna barabardyr.

Hazar deňzi arkaly ugradylýan çig mal nebit tankerlerinde Mahaçkala portuna baryp ýetýär we soňra Noworossiýsk nebit geçirijisi boýunça çykarylýar. Çaklanylyşy ýaly, indi onuň mukdary 80 müň tonna çenli kemeler.

Ýeri gelende bellesek, ştab-kwartirasy Rotterdam şäherinde ýerleşýän Vitol halkara energetika we haryt-söwda kompaniýasy Azerbaýjanyň SOCAR döwlet nebit kompaniýasy bilen şu ýylyň oktýabryndan Baku-Tbilisi-Jeýhan turba geçirijisi boýunça türkmen nebitiniň daşalýan mukdaryny ýylda 1 million tonna ýetirmek hakynda ylalaşyk baglaşypdy.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň Ermenistana ilkinji gezek ýangyç iberdi
Türkiye bilen Azerbaýjan energiýa, söwda we maýa goýum şertnamasyna gol çekdiler
Witol bilen SOCAR 1 million tonna türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşdy
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY-2021 ATLY 26-njy HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty öz işine başlady
Berdimuhamedow we rus “Lukoýlynyň” başlygy Hazardaky ýataklary özleşdirmegi ýene-de maslahatlaşdylar