Waagn Haçaturýan resmi taýdan Ermenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

Waagn Haçaturýan resmi taýdan Ermenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

Ermenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan Waagn Haçaturýan kasam kabul etdi we işe başlady. Bu barada Interfaks habarlar gullugy habar berýär. Kasam kabul edişlik dabarasyna Ermenistanyň premýer ministri Nikol Paşinýan, dolandyryjy partiýanyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

2022-nji ýylyň 3-nji martynda Ermenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesinde saýlawçylaryň 71%-niň ses bermeginde Waagn Haçaturýan ikinji tapgyrda Prezident saýlandy.

Waagn Haçaturýan 2021-nji ýylyň awgustynda ministr wezipesine bellenipdi. Ol bilimi boýunça ykdysadyýetçi, 1992—1996-njy ýyllarda Ýerewan şäheriniň häkimi wezipesinde işledi.

Ýurduň ozalky prezidenti Armen Sarkisýan 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli bu wezipäni ýerine ýetirdi. Ol 2022-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda wezipesinden çekilipdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Waagn Haçaturýana Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberendigini hem bellemek gerek. Türkmen Lideri öz gutlag hatynda Waagn Haçaturýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Ermenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Paşinýan Ermenistan-Türkiýe demir ýolunyň gysga wagtda açylmagyny umud edýändigini aýtdy
Ermenistanda ýurduň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi talap edildi
Nikol Paşinýanyň Dik Uçary, Ýaramaz Howa Şertleri Sebäpli Gonmaly Boldy
Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar
At türkmeniň uçar ganaty
Ýerewanda Hökümete Garşy Geçirlen Ýörişde Köp Sanly Adam Saklandy