Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda hökümeti garşy geçirlen protest ýörişlerinde köp sanly adam saklandy.
Ermenistanyň resmi Armenpress habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, paýtagtda ýöriş geçiren prostestçylar köçeleri gatnawa ýapdy.
Howpsyzlyk ýörişleri ýörişlere gatnaşan 189 adamy saklady.
Saklananlaryň arasynda EJP partiýasynyň başlygynyň orunbasary Armen Aşotýan hem bar.
Azerbaýjanyň 2020-njy ýylyň noýabr aýyndaky Garabag ýeňişinden bäri, Ermenistanyň hökümetiniň alyp barýan syýasatyna garşy durýan we Premýer-ministri Nikol Paşiýanyň wezipesinden çekilmegini isleýän oppozisionerler Ýerewanyň köçelerinde ýöriş geçirmäge başlady.
