Wagit Alekperow möhletinden öň Lukoýl-yň prezidentliginden aýryldy

Wagit Alekperow möhletinden öň Lukoýl-yň prezidentliginden aýryldy

Wagit Alekperow möhletinden öň Lukoýl nebit kompaniýasynyň prezidenti wezipesinden el çekdi we onuň direktorlar geňeşinden aýryldy. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky metbugat beýanynda yglan edildi.

Alekperow bu karary barada kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygyny habardar etdi. Forbes maglumatlaryna görä, Alekperow Russiýanyň iň baý adamlarynyň sanawynda 10-njy orny eýeleýär. Häzir onuň emlägi 10,5 mlrd dollar möçberinde bahalandyrylýar. Lukoýl Russiýanyň iň iri hususy nebit kompaniýasy. Alekperow ony 1993-nji ýylda esaslandyrdy we şol wagtdan bäri kompaniýanyň prezidenti wezipesini eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Lukoýlyň Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellenildi
Lukoýl Hazaryň türkmen kenarynda täze taslamalary amala aşyrmaga taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Berdimuhamedow Lukoýl AGPJ-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
“Lukoil” 2022-nji ýylyň ahyrynda Hazardaky “Graýfer” ýatagyny işe girizer
Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “SOCAR” şirketiniň başlygy bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda gürrüň etdi
Türkmen Lideri we “Lukoýl”-yň başlygy energiýa serişdelerini özleşdirmegi maslahatlaşdylar