Lukoýlyň Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellenildi

Lukoýlyň Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellenildi

Lukoil Uzbekistan Operating Company kompaniýasynyň direktory Stepan Guržiý Lukoýl açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan ýurtlaryndaky wekili wezipesine bellenildi.

Kompaniýanyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, Russiýanyň Lukoýl nebitgaz kompaniýasynyň Dolandyryş komiteti bu barada degişli karary kabul etdi.

Beýanata görä, Stepan Guržiýiň jogapkärçilikleri ýokarda agzalan ýurtlar bilen Lukoýl toparynyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekden ybarat bolar.

Russiýanyň iri nebitgaz kompaniýasy Azerbaýjanda, Gazagystanda we Özbegistanda amala aşyrylýan nebitgaz taslamalaryna gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Lukoil açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen fewral aýynyň 18-ne Aşgabatda geçiren duşuşygynda Lukoýl kompaniýasynyň Dostluk ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Stepan Guržiý “Lukoil”-yň ýolbaşçysynyň Türkmenistandaky wekili wezipesine bellenildi
Azerbaýjanyň Prezidenti “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Türkmenistanyň Mejlisi Hazardaky Dostluk ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Türkmenistanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “SOCAR” şirketiniň başlygy bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda gürrüň etdi
Lukoýl Dostluk ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär