Azerbaýjanyň Prezidenti “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady

Azerbaýjanyň Prezidenti “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew sişenbe güni “Dostluk” ýatagy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyny tassyklamak boýunça kanuna gol çekdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi sahypasynda ýerleşdirilen resminamada habar berilýär.

Hazar deňizindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna 21-nji ýanwarda Aşgabatda gol çekildi.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisi duşenbe güni özara düşünişmek Ähtnamasyny tassyklady.

“Dostluk” uglewodorod ýatagynyň baýlyklarynyň 30%-i Azerbaýjanyň we 70%-i Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.

“Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça alyp barýan işleri Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň energiýa howpsuzlygyna oňyn goşant goşar” diýip, Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Jeýhun Baýramow türkmen we türk kärdeşleri bilen bilelikde sişenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda belledi.

“Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamanyň gol çekilmegi Russiýanyň “Lukoýl” hususy nebit kompaniýasynyň ünsüni çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçen hepde geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisi Hazardaky Dostluk ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Türkmenistanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Stepan Guržiý “Lukoil”-yň ýolbaşçysynyň Türkmenistandaky wekili wezipesine bellenildi
Lukoýlyň Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellenildi
Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “SOCAR” şirketiniň başlygy bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda gürrüň etdi
Lukoýl Dostluk ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär