Türkmenistanyň Mejlisi Hazardaky Dostluk ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady

Türkmenistanyň Mejlisi Hazardaky Dostluk ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady

Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňzindäki Dostluk ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, Dostluk ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň Aşgabada saparynyň çäklerinde gol çekildi.

Azerbaýjan parlamenti bu resminamany şu ýylyň fewralynda tassyklady.Fewral aýynda Lukoýl rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren duşuşygynda bu taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmak barada meýillerini beýan etdi.

Hünärmenleriň pikirine görä, Dostluk ýatagynyň ätiýaçlyklary 50 mln tonna nebit möçberinde bahalandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň Prezidenti “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Türkmenistanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Stepan Guržiý “Lukoil”-yň ýolbaşçysynyň Türkmenistandaky wekili wezipesine bellenildi
Lukoýlyň Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellenildi
Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “SOCAR” şirketiniň başlygy bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda gürrüň etdi
Lukoýl Dostluk ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär