Lukoýl Dostluk ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär

Lukoýl Dostluk ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär

Russiýanyň “Lukoýl” hususy nebit kompaniýasy Hazar deňzindäki türkmen-azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär. Bu barada Biznes-Türkmenistan Interfaks-Azerbaýjan agentligine salgylanyp habar berdi.

Kompaniýanyň prezidenti Wagit Alekperowyň Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Dostluk taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny we Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň häzirki wagtda hökümetara şertnamany taýýarlaýandygyny belledi.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Dostluk uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi.

Bilermenler Dostluk ýatagynyň ätiýaçlyk gorunyň takmynan 50 million tonna nebite barabardygyny çaklaýarlar.

Dostluk uglewodorod ýatagynyň serişdeleriniň 30%-niň Azerbaýjanyň we 70%-niň Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen fewral aýynyň 18-ne Aşgabatda geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň Prezidenti “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Türkmenistanyň Mejlisi Hazardaky Dostluk ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Türkmenistanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Stepan Guržiý “Lukoil”-yň ýolbaşçysynyň Türkmenistandaky wekili wezipesine bellenildi
Lukoýlyň Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellenildi
Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “SOCAR” şirketiniň başlygy bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda gürrüň etdi