
Türkiyäniň Eýrana açylan gapysy we ýurduň iň uly kölüne adyny beren Wan şäheri, biri-birinden tapawutly lezzetleri özünde jemleýän ertirlik nahary bilen hem ýurduň öz içinde hem-de daşary ýurtda uly at-abraýa eýedir.
Wan ertirlik naharynyň geçmişi şäherde erte namazyna giden we ondan soň dükanlaryny açan söwdegärleriň öýlerine gaýdyp barman, ertirliklerini şäherde edinmeklerinden gözbaş alýar. 1947-nji ýylda “Süýt Öýi” diýip atlandyrylan ertirlik nahar dükanynyň ilkinjisi açylýar.
Wagtyň geçmegi bilen süýt öýleriniň ýerine ertirlik naharlaryny edip bolýan ýerler geçipdir, ertirlik nahar ýerlerinde milli Wan ertirlik nahary berilmäge başlanýar.Wan ertirlik nahary Ýüzünji ýyl uniwersitetiniň ýüz tutmagy netijesinde 2020-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.
Ertirlik nahar saçagynda Wan welaýatyna mahsus otly peýnir, murtuga nahary, sygyryň ýa-da gäwmişiň süýdünden edilen gaýmak we mesge ýagy, gara kowan ary baly, Wanyň obalyk ýerlerinde öndürilýän bägül jemi, ýumurtgadan taýarlanýan menemen nahary, sujukly ýa-da gowurdakly ýumurtga, çaý, süýt, beýleki jemler we peýniriň görnüşleri, zeýtun, tahini, toşap, çörek, sada pide, lawaş ýaly önümler bar bolup, düzüminde ýeralma frisi, sosiska, şöhlat we wetçina ýaly önümler ýokdur.
Wan ertirlik nahary 2014-nji ýylyň iýun aýynda şäherde geçirilen açyk ertirlik nahar çäresinde 51 müň 793 adamyň gatnaşmagy bilen iň uly ertirlik saçagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.