Wan-Tähran ýolagçy otlularynyň biletleri fewral aýynda satylmaga başlanar

Wan-Tähran ýolagçy otlularynyň biletleri fewral aýynda satylmaga başlanar

Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly paýtagt Ankara şäherinde Eýranyň Ýol gurluşyk we şäherleşme ministri Ferzane Sadyk bilen duşuşdy.

Abdulkadir Uralogly, ikiçäk we toparara maslahatlaryndan soň eden çykyşynda bu saparyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşjakdygyny aýtdy.

Abdulkadir Uralogly gury ýer, howa we demir ýol ulaglary meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny we gümrükde has çalt hereket etmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Abdulkadir Uralogly: "20-nji fewralda Wan-Tähran ýolagçy otlylarynyň bilet satuwlary başlanar" diýip habar berdi.

Ferzane Sadyk bolsa öz gezeginde Türkiye bilen transport ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi.

Ferzane Sadyk: "Eýran, Uzak Gündogara we Gündogara Türkiye üçin gapydyr. Türkiye, şeýle hem, Eýran üçin Günbatar üçin gapydyr. Iki ýurduň arasyndaky serhet aragatnaşygyny artdyrmak we üstaşyr ýük daşamak mümkinçiligini artdyrmagyň peýdasy bolar" diýip mälim etdi.

Tähran-Wan ýolagçy otly gatnawlarynyň başlamagy baradaky şertnamanyň Eýrana we Türkiyä gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmakda peýdaly boljakdygyny aýdan Sadyk, iki ýurduň ösüşiniň sebitdäki ýurtlarada peýdaly boljakdygyny belläp: "Iki ýurduň arasyndaky tranzit transportdaky ösüş we galkynyş sebitimiziň parahatçylygyna we durnuklylygyna goşant goşar." diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
“Turkmentravel 2026” halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Aşgabatda Halkara forum öz işine başlady
Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi
Dünýä Liderleri Aşgabada geldiler
Prezident Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi